Ýylyň nyşany
Gerb
Kümüş gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň durmuşynda ebedi ýer alan metallaryň biridir. Bu metaldan gözel zenanlaryň gül meňzini bezeýän şaý-sepleri, şeýle-de adamzadyň iň ýakyn gardaşy hasaplanýan bedew atlaryny dabaralandyrýan bezegleri, türkmeniň öý-ojagynda gündelik ulanylýan gap-gaçlarynyň käbir görnüşlerini türkmen zergärleri şu gunki güne çenli ýasap halka ýetiripdirler. Kümüşden şaý-sepleri ýasanlarynda zergärler tebigatda bar bolan gözelliklerden ruhlanyp gülleriň, guşlaryň, haýwanlaryň keşplerini, suwuň tolkunlaryny, aýyň-güniň ajaýyp şuglasyny öz eserlerinde söhlelendirip täsin sungat eserini döredipdirler. Şol döredilen kämil sungatyň diňe bir ajaýyp keşbi däl-de onuň düwmelerden we şelpelerden çykýan şirin owazy her bir adamyny maýyl edip özüne çekýär. Kümüş özüniň diňe bir gözelligi bilen adama hyzmat etmän eýsem ol saglyk ulgamynda-da öz ähmiýeti bilen ýörgünlidir. Eýýäm gadymy döwürlerden onuň adamyň saglygyna edýän peýdasyny bilipdirler. Bu ylmy taýdan hem tassyklanan subutnamadyr. Adamlar gündelik içýän suwlaryna kümüşden ýasalan zatlary ýagny teňňeleri atypdyrlar, beýle edilmegi suwuň düzümindäki mikroelementleri baýlaşdyrmaga getiripdir. Her bir kümüş dakynan adamyň kesele garşy bolan ukyby güçlenipdir. Kümüş adamyň süňňüni arassalaýar, ruhy taýdan güçlendirýär, akyl-paýhasyny durlaýar. Berkerar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu sungat kämillik derejesine göterilip nesilden-nesle geçip dowam edip gelýär.
Author: Gurbannazarowa E.
Sene: 25.05.2026ý.