Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Türkmenistan döwletimiz
tanalmaz derejede gülläp ösýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň
galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow biziň
ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gitmegi üçin örän uly
tagallalar edýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda dünýäniň
ösýän-özgerýän döwründe, biz muzeý işgärleri hem türkmen halkymyzyň
taryhyny we taryhy ýadygärliklerini dünýä ýaýmakda arman – ýadaman
zähmet çekýäris. Şol maksat bilen Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni
öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri bellenen meýilnamalar esasynda,
muzeýiň ekspozisiýa zallary barada täze maglumatlar öwrenýärler hem-de
maslahat esasynda ekspozisýon zallarda ýörite ýygnanşyp edilýän
maslahat arkaly täze maglumatlary ara alyp maslahatlaşýarlar. Esasan
hem halypa hünärmenler ýaş nesillere görelde mekdebi bolup durýar.
Hawa hakykatdan hem ýaş nesilleriň ylmyny artdyrmakda Mary welaýat
taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde halypa-şägirtlik ýoly dowam
etdirilýär. Türkmen halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerini,
medeniýetini, sungatyny, geçmiş-taryhyny has çuň we giň manyda hem-de
ylmy taýdan öwrenmek we olar bardaky maglumatlary halka ýetirmek bolsa
muzeý hünärmenleriniň esasy wezipesidir. Häzirki wagtda bolsa
muzeýimiziň “Türkmen tebigaty” zalynda ýaş ylmy işgärleriň hünär
derjesini has içgin berkitmek we çuňlaşdyrmak maksady bilen
söhbetdeşlik geçirildi. Muzeý hünärmänleri muzeý işini döwrebap
drejede gurnamaklykda dürli işleri alyp barýarlar. Türkmeniň
tebigatyny, medeniýetini, taryhyny has çuňňur öwrenip halka
ýetirmekde, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz
ýaşlara bildirýän ynamyny ödejekdigimizi ynandyrmak isleýärin. Türkmen
halkyny beýik derejelere ýetirmekde uly tagallalar edýän Gahryman
Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli Döwlet
ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.
Sene: 24.09.2025ý.