Ýylyň nyşany
Gerb
Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi Mary welaýatynyň Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Halkara zenanlar baýramyna bagyşlanan sergi gurnaldy. Baýramçylyk çäresinde türkmen halkynyň amaly-haşam sungaty wasp edilip birnäçe çykyşlar gurnaldy. Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň göçme sergisinde haly önümleri, türkmen zergärleriniň ýasan zenanlaryň dakylýan milli bezeg şaý-sepleri, gelin-gyzlarymyzyň keteni köýnekleri sergilendi. Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary Halkara zenanlar baýramyna bagyşlap birnäçe çykyşlar etdiler. Berkarar döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda Halkara zenanlar baýramy giňden bellenilýär. Medeni–ruhy gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän ajaýyplyklarymyzy, taryhy–medeni ýadygärliklerimizi öwrenmek, olary aýawly saklap, ýaş nesle ýetirmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Author: Pygamowa Ç.
Sene: 23.02.2026ý.