Şabram şelpelere dil bitiren agirt halypalar bolan Nobat bagşynyň 125
ýyllygy, Ödenýaz Nobatyň 95 ýyllyk ýubileýi mynasybetli, Mary welaýat
kitaphanasynda dabaraly duşuşyk geçirildi. Bu geçirilen dabara
welaýatyň dürli etrap, edra- kärhanalaryndan belli şahyrlar,
sazandalar, ylym adamlary hem muzeý işgärleri gatnaşdylar. Şeýle-de
halypa sazandalar we ýaş şägirtler bilelikde aýdym-saz çykyşlaryny
etdiler. Türkmen aýdym –saz sungatynda öçmejek yz goýan salyr-saryk
ýolunda süýji aýdymlardyr sazlar bilen halk hakydasynda yz goýan
halypalar hakynda uly gürrüňdeşlikler geçirildi. Türkmen halk
aýdym-sazlary diňlenildi. Duşuşyk diýseň täsirli geçdi. Duşuşyk çärede
saz gurallaryndan, dürli heýkellerden düzülen sergi hem gurnalypdyr.
Şeýle halk hakydasynda galan ägirtleri ýatlamaga, olara uly hormat
goýmaga ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Ganryman Serdarymyza,
milli lider Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz Alkyş hem Şöhrat bolsun !
Ýurt asudalygy, milletiň agzybirligi baky ýaşasyn ! ,, Bagşyly il
dargamaz” goý hemişe şeýle bolsun!
Sene: 22.10.2025ý.