Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaşly şöhratly geçmişi bar.
Türkmen özüniň geçen ykbal öwrümlerinde zehin başarnygy bilen ençeme
maddy milli gymmatlyklary dünýä beripdir. Gözellik görki bilen gözüň
ýagyny iýip barýan ezizlikler özüniň milli aýratynlygy bilen türkmeni,
türkmen diýip dünýä çykarýar. Türkmen zenany özüniň boýuny syratyny
yhlas bilen, söýgi bilen , irginsiz zähmet bilen bezemegi başarypdyr.
Gözellik mähri görenleri maýyl edýär. Milli egin eşikleriň reňk
sazlaşygy, keşde sazlaşygy gözellik älemini emele getirýär. Ine şeýle
gymmatlyklar bolsa halk köpçüliginiň içinden gözläp , wagyz işleri
geçirilip tapylyp, muzeý gaznasyna tabşyrylýar. Olaryň nesilden –
nesle milli miras bolup geçmegi, kämilleşmegi üçin uly işler alynyp
barylýar. Milletiň buüsanjy, Watan şöhrady bolan maddy milli
gymmatlyklarymyz ýurt baştutanymyzyň zähmedi, söýgüsi bilen gurşalan.
Olary gorap saklamak, öwrenmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly
Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun !
Sene: 22.09.2025ý.