Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynda Medeniýet we sungat
işgärleriniň güni hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni
mynasybetli aýdym-sazly çäre geçirildi. Bu çärede Mary welaýatynyň
taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri tarapyndan
Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine degişli birliklerden, haly
önümlerinden, saý-seplerden, bedew ata degişli esbaplardan sergi
gurnaldy. Çäräniň dowamynda talyplar tarapyndan ajaýyp aýdym-sazlar,
tanslar şeýle-de folklor eserleri ussatlyk bilen ýerine ýetirildi.
Muzeý işgärleri tarapyndan gurnalan öwüşginli sergi hem bu çärä
gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Berkarar döwletň täze eýýamynyň
galkynyşy döwründe türkmen halkynyň her bir günleri toý-baýramlara
beslenýär. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan däp-dessurlarymyz,
milli toý-baýramlarymyz hem häzirki wagtda täze röwşe eýe bol-ýar. Her
ýylyň iýun aýynda bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de
Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda sungatyň toýy hökmünde
ulu-dan toýlanýar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy paýhasa eýlenen
şygyrlary bilen türkmen edebiýatynyň, şygryýetiniň ösmegine,
kämilleşmegine uly goşant goşan ägirtdir. Jemşidiň jamyna deňelen
şahyryň şygyrlary türkmeniň diliniň senasydyr. Her ýyl ýurdumyzyň bir
welaýatynda ýaýbaňlandyrylýan Medeniýet hepdeliginiň türkmen toýuna
kybap guralyp, çeper döredijiligiň, sungatyň dürli görnüşleri boýunça
medeni çäreler bilen sazlaşmagy, unudylmajak ýakymly pursatlary
bagyşlaýar. Medeniýet hepdeliginiň uly tutumlara beslenip toýlanylmagy
, medeniýet we sungat işgärlerine goýulýan çäksiz sarpanyň nyşanydyr.
Milli mirasymyzy öwrenmek, halka ýetirmek, wagyz etmek üçin giň
mümkinçilik-leri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň, Hor-matly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Sene: 22.06.2026ý.