Türkmen halky özüniň bäş müňýyllyga uzap gidýän taryhy ýolunyň dürli
döwürlerinde çeperçilik sungatynyň ajaýyp nusgalaryny döredip
bilipdir. Şolaryň biri-de milli özboluşlylygyny, aýratynlygyny saklan,
ýokary kämillik derejesine ýeten türkmeniň keçe sungatydyr.
Çaklamalara görä, keçeler özleriniň döreýiş taryhy boýunça türki
halklaryň, esasan-da çarwa ilatynyň arasynda, olaryň ýaşaýyş durmuş
şertlerine laýyklykda has irki döwürlerde ýüze çykypdyr. Ýöne wagtyň
geçmegi, döwürleriň özgermegi bilen olaryň köpüsinde keçeleriň
ulanylyşy seýrekleşipdir. Keçeler ak öýleriň içine düşelipdir,
şeýle-de ak öýleriň üstüni ýagyşdan, gardan goramak üçin serpik, üzük,
durluk, düýelere halyk, atlara içirgi, atkeçeler, çopanlar üçin
ýapynja, tazylara jul hökmünde ulanylypdyr. Biziň ene-mamalarymyz
gadymyýetden bäri keçe taýýarlamakda esasy çig mal hökmünde saryja
goýnuň ýüňüni ulanýpdyrlar. Güýz we ýaz aýlarynda gyrkylyp alynýan
ýüňlerden keçe etmek, ýagny, onuň şekilini kemala getirmek işi
başlanýança çig maly oňa taýýarlamak birnäçe ownuk, hysyrdyly
tapgyrlardan ybarat bolýar. Olar ýüňi ýuwmakdan, guratmakdan,
daramakdan, boýamakdan ýene-de guradyp daramakdan, pişgelemekden we
beýlekilerden ybaratdyr. Ýaz ýüňi gowy reňk alýar. Esasan hem, ol gül
etmek üçin ulanylýar. Güýz ýüňi gülüň üstünden ýazylýar. Gül
ýasalanda, reňkleriň wajyplygy has ähmiýetlidir. Keçä esasan “ak
tüýnük”, “gözenek”, “aýna goçak”, “älem”, ”gelin barmak”, “goçak”,
“gapyrga”, “zynjyr”, “alaja” ýaly nagyşlar salynýar. Soňra keçe
ýüzlenilýär, ýagny gülleriň üsti saýgylanyp taýýarlanylan ak ýüň bilen
örtülýär, gyralaryna gara ýüň ýazylýar. Bu iş ýagdaýyna “keçe ýüzlemek
“ diýilýär. Soňra gamşy düýrlemek arkaly keçe çekmek işi başlanýar.
Elbetde keçe öndürmeklik, esasan, aýal maşgalalara degişli hünär
bolsa-da, onuň erkek adamlara degişli pursatlary-da bolýar. Çünki içi
ýüňli düýrlengi gamşa belli bir derejede gyzgyn suw guýup durulýanlygy
sebäpli, ony iki ýana çekmek gelin-gyzlar üçin agyr bolýar. Ol işi
erkek adamlar ýerine ýetireninde iş ýagdaýy çaltlaşýar we keçäniň
berkligine täsiri uly bolýar. Soňra gamşy açyp zenanlarymyz keçäni
bilekleri bilen basmak işine girişýärler. Ezber elli gelin-gyzlar
ýalpyldap duran owadan gülli keçelerimiz döreýär. Keçeler diňe bir
törümiziň gelşigi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, geçmiş taryhymyza
dogry düşünmäge ýardam edýän täsin sungatdyr.
Sene: 22.05.2026ý.