Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde her hepdäniň
ahyrynda ylmy işgärleriň ylmy-geňeşi geçirilýär. Geňesiň dowamynda
ylmy işgärleriň iş saparlaryna gidip toplan eksponatlary görkezilýär,
şeýle-de ylmy temalar diňlenilýär. Geňeşde ýygnalan eksponatlara
seredilýär, haýsy gazna degişlidigi seljerilýär.Geçirilen geňeşde Mary
şäheriniň Muhadow ýaşaýyş jaý toplumynyň ýaşaýjysy Hanowa Oguljennediň
muzeýimize sowgat beren rus semowary görkezildi. Bu semowar çaý
gaýnatmak üçin niýetlenendir. Semowaryň içine üç litre golaý suw
sygypdyr. Biziň ählimiziň uly höwes bilen içýän gök çaýymyz diňe bir
öz tagamy bilen bize lezzet bermek bile çäklenmeýär. Çaý teşneligiňi
gandyrýar, ýadawlygyňy aýyrýar, derdiňe derman bolýar, jana şypa
berýär. Halk arasynda çaý bilen bagly yrymlar gaty köpdür. Şeýle
yrymlaryň köp bolmagy çaýyň halkymyzyň durmuşynda nähili ähmiýetiniň
bardygyny görkezýär. Çaýyň soňuny iň eziz dostuňa, joraňa bermek gowy
görülýär. Şonuň üçin bolsa gerek, “Çaýyň soňy dostuňky” diýen nakyl
ýörgünli. Halkdan toplanan bu gymmatlyklar biziň muzeý gaznamyza uly
goşant bolýar. Şeýle-de bu gymmatlyklar biziň ýaş nesillerimize milli
mirasymyzy öwrenmäge uly ýardam berýär. Muzeý gymmatlyklary uly
terbiýeçilik ähmiýete eýe bolup, ýaşlarda taryhy geçmişimize,
Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny kemala getirýär.
Sene: 20.02.2026ý.