Bu ajaýyp Dünýä döräp, bagytly ýaşaýyş baradaky arzuwlar ynsan bilen
bir sallançakda üwrelip bu güne gelipdir. Gahryman Prezidentimiziň
welaýatlarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän muzeýleri açyp bermegi,
halkyň geçmiş taryhyny çüňňür öwrenmekde we gorap saklamakda mirashana
bolup hyzmat edýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Milli
Lidermiziň alyp barýan syýasaty netijesinde halkymyzyň taryhyny,
däp-dessurlarymyzy hem-de medeni mirasymyzy öwrenmekde täze ädimler
ädilýär. „Alla ýaradyjydyr, zenan döredijidir“ diýilip aýdylmagy ýöne
ýerden däldir. Zenan elleri bilen döredilen, sungatlyk derejesine
ýetirilen gözellikleriň birem türkmen halysydyr. Türkmen halysy
halkymyzyň ruhy hem maddy baýlygydyr. Haly dokamak türkmen halkynyň
gadymdan gelýän amaly-haşam sungatynyň bir görnüşidir. Bu beýik
sungatda halkymyzyň dünýägaraýşy, ylym – paýhasy, filosofiýasy, ruhy
dünýäsi jemlenendir. Türkmen halylarynyň ajaýyp, diýseň üýtgeşikligi
we müdümiligi haly dokamak däplerine ornaşandyr. Haly dokamaklygyň
yokary kämilligi ussatlygy, nagyşlaryň çeper sazlaşygy we özüniň
manylygy bilen dörän gününden bäri köp asyrlyk ýollary geçendir. Gadym
döwürlerden bäri haly dokamak üçin nusga bolup hyzmat edýän suraty
ýa-da şekili öz öňünde goýmazdan, öz hyýalyna getirmeginiň we
ýatkeşliginiň kömegi bilen türkmen gelin – gyzlary şeýle gözelligi
döretmegi başarypdyrlar. Tüýjümek çitimli el halylary taýýarlamak
çylşyrymly we hysyrdyly iş bolup köp wagty talap edýär.Türkmen
halysynyň esasy gymmatlygy onuň syk dokalmagydyr şeýle-de haly
dokamagyn örän täsin başarnygyna eýe bolan halyçynyň bir kwadrat metr
hala 220 müňden 400 müňe we ondan hem gowrak çitim çitip bilýän
ukybyndadyr. Türkmen zenany bir kw metr haly önümini dokamak üçin
bütin bir aýlap her gije- gündizde 10-12 sagatlap işlemeli bolýar. Köp
asyrlyk däplere esaslanýan zähmet endikleriniň we diýseň çeper
ukyplylygyň hem-de zehinliligiň birleşmegi esasynda örän ýönekeý
zähmet gurallarynda çäksiz çylşyrymly hem-de dürli görnüşli halylary
döretmäge mümkinçilik berýär. Şeýle sungat eserlerini genji-
hazynasynyň jemlenen ýeri bolan muzeýlereiň döredilmegi, saklamak,
ylmy taýdan öwrenmek hem-de halk köpçüligine ýetirmekligiň esasyguraly
bolup durýar. Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň
ekspozisiýalarynyň 20 inedördül metirden ybarat bolan ululykda
Türkmenistanyň kartasy ýerleşdirilen ajaýyp halysy, türkmen gölleri
bilen bezelen halylar we haly önümleriň dürli görnüşleri barada hem-de
sungatlyk derejesine ýetirilen haly önümleriniň dokalyş pursatlary,
onda ulanylýan gurallar barada şeýle-de nepis, inçe, ýaşaýşa bolan
hyjuwyňy artdyrýan bu ajaýyp gözelligi döretmegi başaryan
ene-mamalarymyzdan galan bu sungat biziň taryhymyz bilen aýrylmaz
baglanşykda bolan bu eksponatlarda öz beýanyny tapýar.
Sene: 19.05.2026ý.