
Mary welaýat Taryhy we Ülkäni öwreniş muzeýiniň kiçi zalynda her
hepdäniň ahyrynda muzeýiň ylmy işgärleri bilen geçirilýän ylmy
geňeşden pursatlar.Ylmy geňeşiň dowamynda muzeýiň ylmy işgärleriň
halkdan ýygnalan taryhy gymmatlyklary gözden geçirilip, aýdylan
bellikler we maslahatlar berildi. Ýygnalan taryhy gymmatlyklar
hakyndaky doly we dogry maglumatlar diňlenildi. Bu işler muzeýiň ylmy
işgärleriniň halk bilen özara ýakyn aragatnaşygy saklaýanlygyny doly
tassyklaýar. Şeýle-de ylmy işgärleriň alyp barýan ylmy işleriniň gidiş
tertibi, dogrysynda tanyşlyk. Ylmy geňeşe gatnaşýan Welaýat muzeýine
degişli bolan şahamça muzeýleriniň müdürleriniň hasabaty diňlenildi.
Öten pederlerimiziň zehin başarnygyny,gözýetimini, paýhas-parasadyny
özünde jemleýän bu taryhy gymmatlyklarda dikeldiş işleri geçirilip,
muzeý gaznasynda saklap, göçme hem mydamalyk sergilerde halka ylmy
maglumatlar arkaly dolylygyna ýetiriler. Bu işleri uly ruhubelentlik
bilen alyp barmaga ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza
hem Arkadagly Gahryman Serdarymyza muzeý işgärleriniň adyndan
tükeniksiz Alkyş hem Şöhrat bolsun! Olaryň gadamlary batly ! Ýoly
şöhratly bolsun!
Sene: 18.07.2025ý.