Ýylyň nyşany
Gerb
Baý medeni mirasymyzy giňişleýin we çuňňur öwrenmäge, dikeltmäge, gorap saklamaga, wagyz etmäge Türkmenistanda döwlet ähmiýetli möhüm wezipeleriň biri hökmünde uly üns berilýär. Milli mirasymyzy toplamak, öwrenmek hem-de wagyz etmek muzeý işgärleriniň hem mukaddes borjy bolup durýar. Mary welaýat, Mary ertabynyň Diyar geňeşligindäki Taryhy muzeýine etrabyň mekdep okuwçylary yzygiderli muzeýine gezelenç gelýärler. Şu gunler 12-njy synyp okuwçylaryň gutorduş synaglary dowap edyar. Synaglary gelýän okuwçylar hem Mary ertabynyň Diýar geneşligindäki muzeýe yzygyderli tomsa etmane gelyärler. Okuwçylar muzeýe gezelenç etmek bilen türkmen halkynyň ýüzýyllyklardan gözbaş alýan milli taryhy maddy gymmatlyklara we obanyň taryhy bilen tanyşýarlar. Okuwçylar muzeýdäki ekisponatlar barada giňişleýin maglymatlary alýarlar. Ýaşlarymyz muzeýe gelmekligi, taryhynmyza we öz watanyna bolan söýgini oýarmakda muzeýiň ähmiýeti ulygyr. Ýaş nesilleriniz öz mukaddes taryhyna geçmişine buýsanyp şu günine guwanýarlar. Çünki muzeýler geçmişiň, şu günüň hem-de gelejegiň arasyndaky gurlan köprüdir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmek, halka ýetirmek, wagyz etmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Author: Gurbanjumaýewa D.
Sene: 18.06.2026ý.