Ýylyň nyşany
Gerb
Baý medeni mirasymyzy giňişleýin we çuňňur öwrenmäge, dikeltmäge gorap saklamaga, wagyz etmäge Türkmenistanda döwlet ähmiýetli möhüm wezipeleriň biri hökmünde uly üns berilýär. Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri muzeý gaznasyny baýlaşdyrmak maksady bilen iş saparlaryny gurnap halkdan milli mira-symyza degişli maddy gymmatlyklary toplaýarlar, öwrenýärler, wagyz edýärler. Toplanan milli gymmatlyklar ylmy geňeşde görkezilýär hem-de haýsy gazna degişlidigi seljerilýär. Ýaňy ýakynda Mary şäheriniň “Muhadow” ýaşaýyş jaý toplumyna hem-de “Gökje” ýaşaýyş jaý toplumyna iş saparlary gurnaldy. Iş saparynyň dowamynda halkdan birnäçe gymmatlyklar toplanyldy hem-de wagyz işleri geçirildi. “Muhadow” ýaşaýyş jaý toplumynyň ýaşaýjylary Halymow Orazmämmet suw küýzesini (jürdek) sowgat berdi, Halymowa Gurbanbibi bolsa iki sany zenan köýnegini , gül börügini sowgat berdi. “Gökje” ýaşaýyş jaý toplumyn-dan Gurbansähedowa Maral el bukjasyny, iki sany çaga jorabyny Durdyýewa Şeker bolsa, çaga ýeňsizini muzeýimize sowgat berdi. Türkmen halky külalçylyk önümçiligi bilen irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelipdirler. Türkmenlerde küýze önümlerini ýasamak işi gadymy döwürlerden başlap, biziň häzirki günlerimize çenli gelip ýetipdir. Türkmen zenanlarynyň köýnekleri gündelik we toý köýnekleri ýaly görnüşlere bölünýär. Zenan köýneklerini geýmäne oňaýly giňiş ýanly biçüwde tikipdirler. Köýnekleriniň ýakalaryny elde we maşynda owadan nepis nagyşlar bilen bezäpdirler. Türkmen gelin-gyzlary tikin - çatyn işlerini edenlerinde ýüpek-sapaklaryny saklamak üçin gurnama el bukjalary ulanypdyrlar. Dürli reňkli matalardan gurnalan el bukjalary zenan maşgalanyň öz işine ykjamlygyndan, inçe işlere ezberliginden habar berýär. Olar çagalaryna egin-eşikleri hem elde tikip geýdiripdirler. Owadan nagyşly gülli joraplary hem örüpdirler. Muzeý gymmatlyklary uly terbiýeçilik ähmiýete eýe bolup, ýaşlarda milli mirasymyza, Watanymyza bolan buýsanç duýgusyny kemala getirýär. Çünki muzeýler geçmişi, şu güni hem-de gelejegi birikdirýän köprüdir. Häzirki döwürde milli mirasymyzy halka ýetirmek, wagyz etmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkada-gymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Author: Akmyradowa M.
Sene: 17.07.2026ý.