Mary welaýatynyň Taryhy we Ülkäni öwreniş muzeýiniň ,,GAZNA’’
bölüminiň taryhy gymmatlyklaryny baýlaşdyrmak maksady bilen , muzeýiň
şahamça müdirleri we ylmy işgärleri dürli iş sapalaryny amala
aşyrýarlar. Halkyň arasynda wagyz – nesihat işlerini geçyrmek bilen,
öten pederlerimizden miras galan, zehin hem zähmet sindirilen
gymmatlyklaryň ähmiýetini giňden düşündirýärler. Şeýle hem olaryň
maşgalasyna miras galan zatlaryň ahmiýetini çuňdan düşündirip muzeýe
tabşyrmaklaryny gazanýarlar. Halkdan ýygnalan gymmatlyklar hakyndaky
rowaýatlary, bolup geçen wakalary, maglumatlary ylmy tarapdan öwrenip,
olary halk köpçüligine hem-de daşary ýurtly jahankeşdelere uly höwes
bilen gürrüň berýärler. Türkmen halkyny millet hökmünde milli
aýratynlygy bilen dünýä çykarýan ata-babalarymyzdan miras galan
ezizlikler mukaddes muzeý ojagynda aýawly saklanylýar, toplanylýar we
öwrenilýär. Parahat hem asuda watanmyzda şeýle mukaddes işleri amal
edmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza,
Arkadagly Serdarymyz Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak
bolsun!
Sene: 17.02.2026ý.