Ýylyň nyşany
Gerb
Garaşsyz hem Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir günleri, aýlary toýdyr dabaralara beslenýär. Ine şeýle şaklykly gözel dabaralaryň biri döwlet derejesinde giňden bellenip geçilýän ,,Medeniýet we sungat işgärleriniň hem –de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet günleri’’ atly baýramçylygydyr. Bu baýramçylykda sungat ussatlarynyň şirin sazlary, aýdymdyr tanslary ýaňlanyp , tanymal şahyrlaryň labyzly okaýan şygyrlarynyň owazy sazlaşyp her bir türkmen raýatynyň kalbyny heýjana getirýär. ,,Medeniýet- Ata Watandan hem Ene toprakdan başlanýandyr’’- bu jümle milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň beýik sözleridir. Bu mukaddes çagyryş , gözel baýramçylyk mynasybetli Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem ,, Medeniýet halkyň ruhy çyragy’’ atly sergi gurnalyp, onuň açylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara ýaş talyplar, aýdym – sazyň ussat halypalary, teatr iişärleri, şahyrlar gatnaşdylar. Olar öz aralarynda sorag- jogaplar alyşyp duşuşyk gyzykly ruhubelent ýagdaýda geçdi. Parahatçylygyň mekany bolan şöhratly watan goýunda şähmet çekýän , ýaşaýan, döredýän bagtyýar halkymyz yň dowamaty dowam bolsun ! Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun !
Author: Gurbanjumaýewa D.
Sene: 16.06.2026ý.