Mary welaýatynyň Taryhy we Ülkäni öwreniş muzeýiniň ,,GAZNA’’
bölüminiň taryhy gymmatlyklaryny baýlaşdyrmak maksady bilen , muzeýiň
ylmy işgärleri dürli iş sapalaryny amala aşyrýarlar. Halkyň arasynda
wagyz – nesihat işlerini geçyrmek bilen , öten pederlerimizden miras
galan , zehin hem zähmet sindirilen gymmatlyklaryň ähmiýetini giňden
düşündirýärler. Şeýle hem olaryň maşgalasyna miras galan zatlaryň
ahmiýetini çuňdan düşündirip muzeýe tabşyrmaklaryny gazanýarlar.
Halkdan ýygnalan gymmatlyklar hakyndaky rowaýatlary, bolup geçen
wakalary, maglumatlary ylmy tarapdan öwrenip, olary halk köpçüligine
hem-de daşary ýurtly jahankeşdelere uly höwes bilen gürrüň berýärler.
Türkmen halkyny millet hökmünde milli aýratynlygy bilen dünýä çykarýan
ata-babalarymyzdan miras galan ezizlikler mukaddes muzeý ojagynda
aýawly saklanylýar, toplanylýar we öwrenilýär. Parahat hem asuwda
watanmyzda şeýle mukaddes işleri amal edmäge giň mümkinçilikleri
döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyz Hormatly
Prezidentimiziň jany sag şmri uzak bolsun!
Sene: 15.05.2026ý.