Ýylyň nyşany
Gerb
Türkmen halkynyň milli gap-gaçlary gadymdan, ata-babalarymyzdan galan senetçiligiň bir görnüşidir. Türkmen durmuşyndan gap-çanaklar maşgala mukaddesligi hasaplanyp nesilden-nesile geçip gelipdir.Türkmen halkynyň adatynda ata-babalaryndan galan gap-çanaklary saklamak parz diýilip hasaplanýan eken. Agaçdan gap-gaçlary köplenç hünärmentçi usssalar ýasapdyrlar. Agaçdan her hili hojalyk önümlerini ýasamak bilen meşgullanýan senetkär ussalara Neçjar diýip aýdylypdyr. Neçjar sözüniň asly parsça nadžar sözündendir.Agaç sözi bolsa Mahmyt kaşkarynyň sözlüginde „ýygaç“ diýilip berilýär.Türkmen halky agaç senetçiliginde esasanam tal, erik, tut, çynar, hoz köpülenç ýagdaýlarda bolsa tal agajyndan peýdalanypdyrlar. Bu hünärmentçilik hem nesilden-nesile geçip asyrlaryň dowamynda dowam edipdir. Dürli görnüşli aşhanada ulanylýan gap-gaçlar : çanaklar, okaralar, çemçeler, durmuş närseleri üçin abzallar ýasalypdyr. Senetçi ussalaryň gürrüň bermegine görä bunuň ýaly hojalykda ulanylýan gap-gaçlar köplenç halatlarda tal agajyndan ýasalypdyr sebäbi,tut agajyndan ýasalan gap-gaçlar has agyr bolupdyr, tal agajy bolsa özüniň agramy boýunça, çeýeligi boýunça-da has amatly agaç bolupdyr. Ir döwürlerde hünärmentçi ussalar öz şägirtleri bilen tal agajynyň köp ýerine wagytlaýyn göçüp barypdyrlar we gap-gaçlar üçin çig mallary taýýarlapdyrlar. Uly göwrümli gap-gaçlary mysal üçin: batmany, kerseni, çanagy, ýasanlarynda tut agajyny ilkibaşda keseligine bir metr töweregi ölçegde bölekläpdirler we dikligine bölüp onuň özenini aýyrypdyrlar hem-de teşe, metgil, törpi, haşam galamy, hatgäç ýaly gurallaryň kömegi bilen gerekli gap-gaçlary ýasapdyrlar . Güne guran agaç gaty we gap-gaç ýasamaga ýaramsyz bolýar diýip, ussahananyň gapdalynda getirilen agaç böleklerini ýere gömüp goýupdyrlar sebäbi gury agaç işlemäge amatsyz bolupdyr, köpülenç halatlarda önüm ýasalyp gutarmanka ýarylypdyr. Gap-gaçlar özleriniň ulylygy boýunça birnäçe görnüşe bölünipdir. Olar batman çanak, batman kersen, ýöne çanak we okara diýip atlandyrypdyrlar. Batman çanak has uly bolup oňa 53gadak(21kg. 200gr.) bugdaý ýerleşen batman çanak esasan toýlarda göreş tutýan pälwanlar üçin ulanar ekenler. Şonuň üçin hem oňa „pälwan tabak“ hem diýipdirler. Batman kersen ululygy we galyňlygy boýunça „pälwan tabakdan“ kiçiräk bolupdyr. Onda köplenç hamyr ýuwurlypdyr. Çanakdyr, okara esasan nahar iýilýän gap-gaçlara aýdylypdyr. Okaralaryň has kiçiligi barada il arasynda „Okara çanagyň düýbüni ýapar“ diýip aýdylypdyr. Olaryň arasynda has ýukalaryna il arasynda „gamyş okara“ hem diýipdirler. Mundan başga-da hojalykda ulanylýan çemçedir-susaklar, elekleriň dürli görnüşleri bilen bir hatarda agaç sokular, ýanlyklar ýasalypdyr. Mysal üçin däne önümlerini elemek üçin elekler ýasalanda onuň gözenegi geçiniň ajy içegesinden örülipdir. Türkmen her bir zadyny gözüniň göreji ýaly görüpdir, ulanýan gap-gajynyň biri döwüläýende-de ony zyňyp göýbermändir-de ussa ertipdir. Döwük gap-gaçlary ussa demir bölegi bilen çeňkläp oňa täze ömür beripdirler. Türkmenleriň arasynda şeýle bir aýtgy bar berk, ykjamja zada „çeňk“ ýaljak diýýärler. Ak öýleriň tutuş süňňi, , bosagasy, sadagasy taldandyr, gapysy bolsa tapylsa hoz, çynar agajyndandyr. Mundan başgada oba hojalyk zähmet gurallarynyň: kätmen, pil, orak saplaram, zenanlaryň dokmaçylykda ulanylýan dokma gurallary hem agaç ussalary tarapyndan ýasalypdyr. Türkmen halkynyň şeýle baý taryhy bolup, taryhy gymmatlaryň muzeýlerde ýerleşdirilmegi, halk köpçüligine ýetirilmegi, aýawly saklanmagy, ylmy taýdan öwrenilmegi bolsa ýurdumyzyň gelejegi bolan ýaş nesillerimizi ata-babalarymyzyň ruhunda terbiýelemek, öz halkynyň maddy-medeniýetine, taryhyna bolan buýsanç duýgularyny döretmekde uly itergi bolar.
Author: Seýidowa G.
Sene: 14.10.2025ý.