Ýylyň nyşany
Gerb
Ördek ýaly suwda köp gezýän guş ýokdyr. Ony gamyşly köllerde suw howdanlarynda, derýalaryň agaçly ýalpak ýerlerinde, deňizleriň kenarlarynda görmek bolýar. Ol suwuň aşagynda hem suwuň ýakasynda bitýän ösümlikleri, leňňeji, tomzagy, teneçirdir, çybyny, çirkeýi iýýär. Mundan başgada ördek ýasy çüňküni çalaja açyp, suwly laýy ilki sorýar, soňra ony agzynda süzüp iýmitlenýär. Ördegiň ýelekleriniň aralary dykyz hem gür sütüklidir. Şol sütüklerem ony sowukdan gowy goraýar. Bu guş suwda näçe köp gezse-de , gury ýere çykanda, onuň käbir ýerinden ek-tük damja togalanyp ýere gaçaýmasa, umuman alanyňda , onuň bedeninde nem görmersiň. Çünki onuň ýelekleri ýagjymakdyr. Ördegiň ýaşylbaşy sonasyna garanda owadan bolýar. Onuň kellesinde ýalpyldap duran ýaşyl kekiji bolup, „ýaşylbaş“ ady hem şonuň bilen baglanşyklydyr Ördek höwürtgesini çöp-çalamly, gamyşly gür otlugyň arasynda ýasanýar. Onuň jüýjeleri dünýä inensoň bir aý geçip-geçmänkä, derrew suwa girip ugraýar.Suwda ýüzmegi we suwa çümmegi gowy öwrenýär. Ýöne olar ep-esli bolýançalar suwdan gury ýere çykan halatlary enesiniň ganatlarynyň aşagyna girip ýylanýar. Ördegiň diri agramy 2-3 kilogramma barabardyr.
Author: Berdiýewa B.
Sene: 14.07.2026ý.