Ýaňy ýakynda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynda “
Çalsana bagşy” atly ýaş bagşylaryň bäsleşigi geçirildi. “Bagşyly il
dargamaz” diýlişi ýaly bagşyçylyk sungaty öz gözbsaşyny gadymy
döwürlerden alyp gaýtýar. Bu sungat nesilden nesile geçip şu günki
günlere ýetip , türkmen halkynyň bagtyýar durmuşuny wasp edýän ajaýyp
sungata öwrüldi. Bäsleşigiň dowamynda welaýatyň ýaş zehinli bagşylary
türkmen halk aýdymlaryny we ajaýyp durmuşymyzyň ösüşlerini wasp edýän
aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Bu bäsleşikde Mary welaýatynyň taryhy
we ülkäni öwreniş muzeýiniň taryhy gymmatlyklarynyň sergisi gurnaldy.
Bu sergide amaly –haşam we zergärçilik sungatynyň ajaýyp nusgalary
görkezildi. Muzeý gymmatlyklary bu bäsleşige aýratyn bir öwüşgin
berdi.
Sene: 13.06.2026ý.