Ýylyň nyşany
Gerb
Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş müzeýmiz birnäçe bölümlerden ybarat. Etnografýa zalymyzda maldarçylyga degişli bolan jaňlaryň, zähmet gurallaryň, türkmen halylary we horjunlary, milli geýimlerimiz, şaý-seplerimiz we zergärçilik gurallary, öý goş-golamlary, awyçylyk esbaplary hem-de saz gurallarynyň birnäçesi ýerleşdirilendir. Muzeýmizde bürünç eýýamyndan orta asyrlary öz içine alýan arheologiki tapyndylaryň ägirt uly toplumy bar. Has gyzykly bolan arheologiki tapyndy Marguş ýurdyndan tapylan möhürler, küýzeler, monjuklar, kindiwanja daşdan ýasalan sandyjyklar, zenan hudaýjyklary, gap-gaçlar, harby esbaplaryň birnäçe görnüşi muzeýe gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Muzeýmiziň “Garaşsyzlyk” zalymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň birnäçe pudaklara degişli foto suratlayny, jowher paýhasyndan joşup çykan birnäçe kitaplaryny hem muzeýmizde görmek bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň buýsanjyna hem şöhratyna öwrülen baý milli mirasymyzyň hemme taraplaýyn öwrenilmegi we wagyz edilmegi möhümdir. Taryhy we medeni mirasymyzyň gymmatlyklary bolan muzeý esbaplaryny goramak, aýawly saklamak hem-de sergilemek biz ýaşalryň esasy wezipämiziň biri bolup durýar. Medeni–ruhy gymmatlyklarymyzy özünde jemleýän ajaýyplyklarymyzy, taryhy–medeni ýadygärliklerimizi öwrenmek, ýaş nesle ýetirmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Author: Pygamowa Ç.
Sene: 13.02.2026ý.