Ýylyň nyşany
Gerb
Hemmämize mälim boluşy ýaly Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde 2025 nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-i we 2026 njy ýylyň aprel aýynyň 12-si aralygynda «Medeniýetleriň gülläp ösüşi: bürünç zamanyndaky Margiana we Parfiýa şalygy: Türkmenistandaky arheologiki açyşlar» atly arheologik sergisi geçirildi. Bu halkara sergi Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu sergi diňe bir Rim şäheriniň ýaşaýjylarynyň däl , eýsemde bolsa bu ýere gelýän müňlerçe jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekdi. Sergide Gadymy Marguş ýurdundan tapylan bäş müň ýyla ýakyn taryhy bolan gadymy täsin tapyndylar has hem gelenleriň üns merkezinde boldy. Parfiýa şalygyndan ýüze çykarylan tasin tapyndylar bolsa sergä görmäge gelýänlerde uly täsir galdyrdy. Bu serginiň geçirilmegi Türkmenistan watanymyzyň bay medeni –taryhy mirasyny dünýa ýaýmakda, Türkmen halkynyň abraýyny has hem belende galdyrmakda eýe boldy. Şeýle halkara sergileriň geçirilmegi dünýä halkarynyň Türkmenistan döwletimiziň taryhyny has içgin öwrenmäge uly mümkünçilik döreder.
Author: Muhammetdurdyýew A.
Sene: 12.05.2026ý.