
Mary şäher häkimliginiň garamagyndaky ,,Arkadagyň bagtyýar nesilleri
‘’ atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde, Mary welaýat Taryhy
we Ülkäni öwreniş muzeýiniň göçme sergisi gurnaldy. Bu sergide aslyny
müňýyllyklardan alyp gaýdýan taryhy gymmatlyklar bolup, olar hakyndaky
ylmy taryhy maglumatlar dynç alýan çagalara gürrüň berildi. Çagalar bu
gymmatly taryhy maglumatlary uly gyzyklanma bilen diňlediler. Serginiň
düzüminde çagalara mahsus bolan milli egin-eşikler, janjagazlar
şeýle-de Türkmeniň Bedew atynyň şaý-sepleri, at esbaplary, türkmen
milli gap-gaçlary, türkmen zenanynyň el hünäri bolan çaga börükleri,
gyz gültahýasy hem-de haly sungatyna degişli bolan dokma gurallary we
haly önümleri sergilendi. Bu gymmatlyklary çagalara görkezmek bilen
ylmy maglumatlar arkaly çagalarda türkmeniň şöhratly geçmiş taryhyna
buýsanç, söýgi döretmek, geçen nesillermize hormat goýmak ýaly gözel
duýgylary oýarmak, Watana, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman
Serdaymyza söýgi hem hormat goýmak, buýsançly göwünlerini galkyndyrmak
maksady bilen geçirildi. Bu göçme sergini welaýat muzeýiniň ,,Medeni
aň-bilim’’bölüminiň ylmy işgärleri gurnadylar.
Sene: 11.07.2025ý.