Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň etnografýa zalynda
erkek adamlaryň geýen aýakgaplary bolan çokaýdyr, çarygy, mesini
görmek bolýar. Gadymy döwürlerde ulanylan halkymyzyň milli
senetleriniň biri çokaýdyr, uzak ýyllaryň dowamynda biziň
ata-babalarymyz aýakgaplary geýip gezipdirler. ÇOKAÝ. Çokaý türkmen
halkynyň ir döwürden bäri geýip gelýän aýak gaplarynyň biridir. Ol
hünärmen ussalar tarapyndan tikilip, erkek adamlar üçin niýetlenen
aýakgapdyr. Çokaý gurak sowukda, ýer bilen iş salyşýan daýhanlar,
maldarlar üçin elýetmez aýakgaplaryň biri. Ol ýüňden dokalan dolak
bilen geýilýär. Çokaýy geýen çopanlara ürgen çägede ol hasam rahat
bolupdyr. Çokaý tikilýän gönleri iri şahly mallaryň (öküziň, sygryň,
göläniň) derisinden eýlenip taýýarlanýar. Sentýabr aýyndan tä mart
aýyna çenli soýulan mallaryň derisinden taýýarlanan gön has tapawutly,
gowy hasaplanýar. Geçmişde çokaýyň her welaýatda tikilişi
biri-birinden has tapawutly bolupdyr. Çokaýyň başga aýakgaplara
garaňda üýtgeşikligi, tapawudy bardyr. Çokaý tikilende ýelim, boýag
ulanylmaýar we işliklenmeýär. Çokaý köp böleklerden ybarat bolup, diňe
gaty gönlerden tikilse-de örän ýeňil bolýar. Çokaý gurak sowuk aýazly,
jöwzaly yssyda salkyn bolup, ýylyň bütin dowamynda geýmäge ýaramlydyr.
Sene: 10.10.2025ý.