Gyzylgaz örän owadan guş. Onuň aýaklary hem boýny uzyn bolýar. Daşky
görnüşi bolsa gülgün reňklidir. Seýrek gabat gelýän bu uly guşa esasan
şor suwly sähra köllerinde, Hazar deňiziniň etekleri, Garabogaz
aýlagy, Çeleken töwereklerinde, Balkan goraghanalarynda gabat gelmek
bolýar. Olar deňizdir derýalaryň , kölleriň suw howdanlarynyň
kenarlaryndaky ýalpak suwly ýerlerinde süri-süri bolup, hatara
düzülşip, uzyn günläp iýmitlenýärler, gezim edýärler. Şu halat olary
golaýdan synlasaň, edil gülälekli meýdany ýadyňa salýar. Oňat uçup,
oňat ýüzüp bilýän gyzylgaz köplenç suw otlarydyr suw jandaryny iýip
oňýarlar. Olar asmanda toýnuk gurap uçýarlar. Arasyndan haýsydyr biri
kerweniň öňüni çekýär. Muňa onuň serdary ýa-da kerwenbaşysy diýilýär.
Bu guşlar suwyň ýalpak hem gamyşly ýerlerinde, çöp-çalamlaryň üstünde
gyrmançadan, ösümliklerden, mollýuskalaryň boşan daşky örtüklerinden
uly höwürtge ýasanýar. Olaryň her sürüsinde üç ýüze ýakyn höwürtge
bolýar. Şol höwürtgelerde gyzylgazlaryň mäkiýanlary bir - iki sany
ýumurtgasynyň üstünde maýdyr- iýun aýlarynda oturyp, 30-32 günüň
dowamynda jüýje çykarýarlar. Jüýjeleriň ýasy we çowsuz ganatlarynyň
reňki birbada garamtyl çalsow bolup, üstünden biriki ýyl geçenden soň
uly gazlaryňky ýaly, gülgün öwsüp ugraýar. Bu guşlary awlamak gadagan.
Sene: 10.07.2026ý.