Ýylyň nyşany
Gerb
Mary şäheriniň merkezinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň öňinde Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününe we Medeniýet işgärleriniň güni mynasybetli geçireilen çärede Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri sergi gurnady. Gurnalan sergide Magtymguly Pyragynyň döredijiligine we taryhy gymmatlyklara degişli ekisponatlar sergilendi. Gurnalan sergi dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Şahyryň döredijiliginde beýan edilşi ýaly “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykmaly türkmeniň ” setirleri agzybirlige çagyrýar. Nusgawu şahyr Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda belläp geçen “Berkarar döwlet islärin” arzuwlaryny Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz durmuşa geçirýar. Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan watanymyz Bedew bady bilen öňe barýar.
Author: Rahmanow S.
Sene: 10.06.2026ý.