Ýylyň nyşany
Gerb
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, her bir täze gün, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, üstünlikli durmuşa geçirýän işleri, Türkmenistan diýarymyzyň ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsidir. 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ” diýip atlandyrylmagy türkmen halkyny begendirýär hem-de buýsandyrýar. Türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda medeniýete-sungata aýratyn uly sarpa goýup, taryhymyzy dünýä ýaýmakda belent derejeli tagallalar edýärler. Muzeýleriň üns merkezinde bolmagy hem taryhymyzy dünýä ýaýmakda edilýän aladalaryň aýdyň güwäsidir. Häzirki wagtda Mary welaýatymyzyň merkezinde ýerleşýän Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatyndan ugur alnyp taryhymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy wagyz etmekde “Arheologiki gymmatlyklary toplamak öwrenmek we halka ýaýmak” atly ýörite sergi guranaldy. Serginiň dowamynda muzeýmize gelen myhmanlara täsirli gürrüňler berildi. Bu bolsa olarda arheologiki gymmatlyklar barada uly gyzyklanma döretdi. Şeýle-de Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Wirtual muzeýlerniň häzirki döwürde ähmiýeti” atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata gatnaşan myhmanlar wirtual muzeýleriň üsti bilen arheologiki gymmatlyklary wagyz etmekde alnyp barylýan işler dogrusunda gyzykly gürrüňler berdiler.Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagllalary netijesinde Muzeýlerde WR (wirtual reality) ýagny hyýaly hakykaty öwrenip ornaşdyrmakda, has dogrusy wirtual muzeýleri ösdürüp halka ýetirmekde, dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gitmekde uly işler alnyp barylýar. Internet giňişliginde wirtual muzeýlerimiziň saýtyna girip ýurdumuzyň Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde şol san-da Arkadag şäherinde ýerleşýän Taryhy we ülkä öwreniş muzeýinde hem wirual muzeýleriň hereket etmegi türkmenistan döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleri bilen öňe barýandygynyň subutnamasydyr. Çuňňur hormatlanýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň! Janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, ajaýyp watanymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda alyp barýan beýik işleriňiniň diňe üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edeýäris!
Author: Begliýewa B.
Sene: 09.07.2025ý.