Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmenistanyň
halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň saýasynda Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede
gülläp ösýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow biziň
ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gitmegi üçin örän uly
tagallalar edýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda dünýäniň
ösýän-özgerýän döwründe, biz muzeý işgärleri hem türkmen halkymyzyň
taryhyny we taryhy ýadygärliklerini dünýä ýaýmakda arman – ýadaman
zähmet çekýäris. Şol maksat bilen Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni
öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri bellenen meýilnamalar esasynda,
muzeýiň ekspozisiýa zallary we muzeý şahamçalarynda täze maglumatlar
öwrenýärler hem-de maslahat esasynda ýörite ýygnanşyp edilýän maslahat
arkaly täze maglumatlary ara alyp maslahatlaşýarlar. Esasan hem halypa
hünärmenler ýaş nesillere görelde mekdebi bolup durýar. Hawa
hakykatdan hem ýaş nesilleriň ylmyny artdyrmakda Mary welaýat taryhy
we ülkäni öwreniş muzeýinde halypa-şägirtlik ýoly dowam etdirilýär.
Türkmen halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerini, medeniýetini,
sungatyny, geçmiş-taryhyny has çuň we giň manyda hem-de ylmy taýdan
öwrenmek we olar bardaky maglumatlary halka ýetirmek bolsa muzeý
hünärmenleriniň esasy wezipesidir. Häzirki wagtda bolsa muzeýimiziň
“Güljemal han” şahamçasynda ýaş ylmy işgärleriň hünär derjesini has
içgin berkitmek we çuňlaşdyrmak maksady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taryhda uly yz goýan Güljemal han barada
gyzykly gürrüňler berildi. Güljemal han özüniň hanlyk eden ýyllarynda
halak merhemtli hem-de örän mert zenan maşgala bolupdur. Umuman
häzirki wagtda hem Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Mekan
şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Güljemal hanyň muzeýi gelýän ilaty
myhmansöýerlik bilen garşy alýarlar we türkmen halkynyň taryhy barada
gzykly gürrüňler berýärler. Muzeý hünärmänleri muzeý işini döwrebap
drejede gurnamaklykda dürli işleri alyp barýarlar. Türkmeniň
medeniýetini, taryhyny has çuňňur öwrenip halka ýetirmekde, Gahryman
Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlara bildirýän
ynamyny ödejekdigimizi ynandyrmak isleýärin. Türkmen halkyny beýik
derejelere ýetirmekde uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli Döwlet ähmiýetli
tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.
Sene: 07.10.2025ý.