Ýylyň nyşany
Gerb
Türkmen milletiniň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan mukaddeslikleriň köki,ajaýyp bu güni we röwşen gelejegi bardyr. Asly nurdan bolan türkmen halky owadan, berk ýüpek matalary, meşhur halydyr palaslary, ajaýyp kümüş şaý-sepleri öndürdi. Adamzat dünýä geleli bäri, dürli kärleriň içinde zergärçilik senedi iň gadymylaryň biridir. Deňiz balykgulaklaryndan ýasalan asma şelpeler bilen özüni bezemek däbi mezolit (b.e.ö.IX-VII muňýyllyklar) adamlarynyň ruhy we maddy işleriniň bolandygy barada düşünjeleri berýär. Zergärçilik senedinde şaýlaryň ýüzüne çyzylýan nagyşlar tebigat, haýwanat, tebigat hadysalar bilen bagly edilipdir. Geçmişde ata-babalarymyz zenanlaryň saglyk ýagdaýyny göz öňünde tutup, zergärler kümüş metalyny saýlap alypdyrlar. Çaga şaýlary esasy oglanjyklara „ok-ýaý“ ýagny batyr bolsun diýip, iki pilçäň üstünden „bäzbent“ gözden-dilden gorasyn, kürtekçele dürli şelpeler dikilip goýulypdyr. Ýöreýän çagalaryň aýaklaryna burma şaýy geýdirilipdir. Bäzbent kümüş bezeg şaýy tegelek görnüşde ýasalyp, dört tarapynda köýnege berkider ýaly halkasy bolupdyr. Bäzbendiň ortasyna hakyk gaşy goýulýar. Ol ilki açylýan görnüşde bolup, içine Gurhanyň süreleri ýazylan dogalar salynýar. Bazbendiň daşky bezeginde köplenç ösümlik şekilleri bolýar. Kähalatlarda zergärler hiç hili bezegsiz, diňe hakyk gaşly bazbent ýasapdyrlar. Oňa köplenç „ýylan yzy“, „guş nagşy“ ýaly nagyşlary salypdyrlar. Bäş müňýllyk taryhynyň dowamynda hemişe ruhubelent bolan halkyň zergärçilik sungaty Garaşsyzlyk ýyllary içinde täze galkynyşy başdan geçirýär.
Author: Nazarowna L.
Sene: 07.07.2026ý.