
Toýlaryň toýlara, baýramlaryň – baýramlara ulaşýan, Watanymyz Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýlynda kalbyňy buýsanja besleýän wakalar
bilen badalga aldy. Berkarar döwletimizde halkymyzyň göwün buýsanjyna
öwrülen milli medeniýetimiz - sungatymyz şan-şöhraty bu gün dünýä
dolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman
Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen
Diýarymyzyň her bir güni toýdur-baýramlara beslenýär. Her ýylda
türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan keşdeçilik, halyçylyk,
keçeçilik sungaty boýunça sergiler, bäsleşikler guralýar.Şol
mynasybetli hem Mary welaýatynyň “Toý mekanynda” Keçe sungaty boýunça
türkmen gelin-gyzlarymyzyň arasynda “Gülüň owadan” atly bäsleşik
geçirildi. Bäsleşik 3 (üç) şerte baglylykda alnyp baryldy. Birinji
şertinde - türkmen gelin gyzlarymyz Türkmen keçesini taýýarlamak bilen
baglanşykly işleri ýerine ýetirip görkezmeli. Ikinji şerti - bolsa
Zenanlar gadymy- milli keçeleri 30 minuduň dowamynda gülläp
görkezmeli. Üçünji şertinde - bolsa gözellik sungaty bolan keçe bilen
baglanşykly taryhy maglumatlary, yrymlary rowaýatlary, goşgudyr
gazallara salyp gürrüň bermeli. Geçirilen aýdym-sazly bäsleşikde
türkmen keçeleri dürli güllerde ýagny dagdan, alaja, sary içýan,
gülýaýdy, goçak w.ş.m nagyşlar bilen täsin we özüne çekiji keçeler
güllendi. Mary welaýatymyzyň dürli künjeginde ýaşaýan
gelin-gyzlarymyzyň ene-mamalaryndan nesilden nesile geçip gelen täsin
keçeçilik we gamyş dokamak sungatyny açyp görkezýän dürli keçeleri
güllediler we gamyşlary dokadylar. Gahryman Arkadagymyzyň hemaýaty
bilen hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda türkmen halkymyzyň
medeniýetine we sungatyna degişli milli taryhymyza aýratyn uly sarpa
goýulýar. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň saýasynda keçe güllemek senetçilikden sungat derejesine
ýetirildi. Ene-mamalarymyz ösüp gelýän ýaş nesillerimize görelde
bolýarlar. Gelin-gyzlarymyz hem şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden
peýdalanyp,Watanymyzyň ösüşine özleriniň mynasyp goşandyny goşmak üçin
arman-ýadaman zähmet çekýärler. Ähli ösüş-özgerişleriň, ýetilýän
belent sepgitleriniň sakasynda duran Türkmen halkynyň milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak,belent başlary aman bolsun!
Sene: 07.07.2025ý.