Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyz
gün-günden pajarlaýar. Diýarymyzyň gülläp ösýän döwründe ösüp gelýän
ýaş nesilleriň goşandy örän uludyr. Türkmen halkynyň milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiziň
şu günki ýaly ertirki günümizde hem bedew bady bilen öňe gitmegimiz
ugrunda örän uly aladalar edýärler. Maý aýynyň 7-sine Mary şäherinde
ýerleşýän 22-nji mekdebinde 9-njy maý ýeňiş baýramy mynasybetli
“Gahrymanlar ýüregimizde baky ýaşaýar” atly baýramçylyk çäresi
mynasybetli Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň
hünärmenleri tarapyndan Gadymyýetden ýaň salýan täsin taryhymyza
degişi sergileri has aýdyň we gyzykly görnüşinde taýýarlandy.
Baýramçylyk çäräniň dowanynda mekdebiň taryh muzeýene degişli dürli
sergiler guraldy. Bulardan başgada Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni
öwreniş muzeýiniň gymmatlyklaryndan peýdalanyp türkmeniň taryhynyň we
medeniýetiniň täsinligi muzeýiň hünärmenleri tarapyndan açylyp
görkezildi gurnaldy. Mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy
Gurtdurdyýewa Aýna dürli ugurlara degişli guralan sergide taryhy
ähmiýetini mekdebiň täsin taryhyny gyzykly maglumatlar esasynda gürrüň
berdi. Gürrüň berilen maglumatlar diňleýji myhmanlarda örän täsir
galdyrdy. Medeni mirasyň täsin mililigi we medeniýeti düşünjesini
kemala getirmekdäki orny aýratyn bellenildi we şol esasda iň uly
wezipeleriň biri ösüp gelýän ýaş nesillere wagyz-nesihat işlerini
geçirmekde yzgiderli çäreler alnyp barylýar. Mary welaýatynyň
jemgyýetçilik muzeýleriniň alyp barýan işinde beýan edilen meseleler
çagalaryň we ýetginjekleriň özlerini ata-babalarynyň nesil dowamaty
hökmünde duýmaga ýardam edýär, Watana söýgi döredýär we taryhy
öwrenmäge höweslendirýär, häzirki zamany hem taryhyň bir bölegi
hökmünde görüp, oňa taryhy nukdaý-nazardan, ertirki günüň wezipelerine
esaslanyp baha bermegi öwredýär. Muzeýiň hünärmenleri baýramçylyk
çäresi esasynda milli-medeniýetimize degişli guralan täsin sergi
dogrusynda gyzykly gürrüňdeşlikler alnyp baryldy. Biz medeniýet we
sungat işgärlerine şeýle uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman
Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt döwlet ähmiýetli
tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.
Sene: 07.05.2026ý.