Hormatly Prezidentimiziň Gahryman Arkadagymyzyň il ýurt bähbitli umumy
adamzat ähmiýetli ägirt uly alynyp barýan işleri netijesinde Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany
ýylynda geçirilýän her bir baýramçylyklar syýasy, medeni köpçülik
çäreleri gün-günden uly ösüşlere eýe bolýar. Şeýle ösüşler
döwletimiziň ykdysady taýdan has-da putalandyrlyp, halkymyzyň hal
ýagdaýyny yzygiderli ýagdaýda ýokarlandyrýar. Berkar Watanymyz senagat
taýdan ösen ykdysady taýdan kuwwatly, syýasy taýdan durnukly iň ösen
öňdebarjy döwletleriň hataryna goşuldy. Häzirki beýik taryhy döwürde
milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk
pudagy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar.
Ýurdumyzda kuwwatly, kämil daşary ýurt tehnikalary we enjamlary
üznüksiz getirilýär. Babadaýhanlarmyzy ýer bilen, suw bilen, dökün
bilen ýokary hilli tohumlar bilen bökdençsiz üpjün
edilýär.Kärendeçileriň ýetişdirip döwlete tabşyran önümleri üçin,
wagtly- wagtyna döwlet nyrhnamasy esasynda hasaplaşyk işleri
geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalygyny düýpgöter özgertmek
oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowlandyrmak maksady bilen oba
zähmetkeşlerine ýakyndan ýardam bermegi oba hojalyk pudagynda zähmet
çekýänleriň kärendeçileriň göwün-guşuny göge göterýär. Ýer-suw
serişdesini rejeli peýdalanmakda, oba hojalyk ulgamyny has-da ösdürmek
dogrusyndaky Hormatly Arkadagymyzyň maksatnamalaryny halk köpçiliginde
giňişleýin wagyz-nesihat işlerini geçirmekde Türkmenistanyň Agrar
partiýasynyň Mary welaýat, şäher, etrap komitetleri hem belläp
geçerlikli işleri alyp barýarlar. Häzirki wagta Mary welaýatnyň taryhy
we ülkäni öwreniş muzeýinde gezenelnçde bolanymyzda gadymyýetde
ata-babalarymyzyň ekarançylyk, maldarçylyk ýagny oba-hojalyk işleri
bilen meşgullanandyklaryna anyk göz ýetirýärsiň. Bu günki günde hem
Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz
tagallalary netijesinde oba-hojalyk pudagygy ösdürülip has ýokary
derejelere ýetirilýär. Bize işlemäne, döretmäne, gurmana, ullakan
mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli
alyp barýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaç alsyn. Goý Hormatly
Arkadagymyzyň jany sag, belet başy aman bolsun!
Sene: 05.06.2026ý.