Ýylyň nyşany
Gerb
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, her bir täze gün, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, üstünlükli durmuşa geçirýän işleri, Türkmenistan diýarymyzda ýaş nesilleri edepli-ekramly, watan söýji, akylly-paýhasly edip ösdürüp ýetişdirmek üçin örän uly tagallalar edýärler. 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylmagy biz ýaşlary begendirýär hem-de buýsandyrýar. Bu şygar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan – Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly, ajaýyp goşgusunyň esasynda saýlanyp alyndy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize peşgeş beren “Ýaşlar Watanyň daýanjy ” atly kitaby biz ýaşlara görelde mekdebi bolup durýar. Hawa, hakykatdan hem biz ýaş hünärmenler geljekki ýaş nesillere taryhymyzy wagyz etmekde gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekjekdigimize ynandyrmak isleýäris. Häzirki wagtda Türkmenistan diýarymyzyň ähli künjeklerinde tomusky dynç alşyna çykan çagalara, dynç alyş merkezlerinde ähli mümkinçilikler döredilen. Çagalar dynç alýan wagtlary beden saglyklary üçin sportuň dürli görnüşleri bilen türgenleşýärler, kitaplary okaýarlar, dürli temalarda bäsleşikler gurnaýarlar. Çagalar tebigatymyzyň gözelligini, haýwanat dünýäsini, geçmiş taryhyny we medeniýetini öwrenip, özleşdirmegi üçin Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine myhmançylyga gelýärler. Olar taryhy sapaklaryň üsti bilen milli-medeniýetimizi, taryhymyzy, täsin sungatymyzy, gözel tabigatymyzy öwrenip, gözýetimlerini has-da giňeldýärler. Muzeýimize gelýän çagalara diňe taryhy sapaklar geçirilmän, eýsem, muzeýimizde zähmet çekýän hünärmenler, sergi zallarynda ekskursiýalar geçýärler.Çagajyklar muzeýimize myhmançylyga gelen wagtynda täsin zatlary, öwrenip gyzyklanýarlar. Bu bolsa bizi has-da begendirýär. Ýaş nesilleriň geljegi ugrunda örän uly aladalary edýän, türkmen halkymyzy şeýle ajaýyp zamanada ýaşatýan, Gahryman Arkadagymyyzň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.Il-ýurt döwlet ähmiýetli tutuýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.
Author: Begliýewa B.
Sene: 04.07.2025ý.