Adamzat jemgiýetiniň ösüş taryhy köne bilen täzäniň
arabaglanşygyndadyr. Her bir halkyň öz tebigatyna görä onuň
edim-gylymy, däp-dessury, ýaşaýşa bolan garaýşy, tebigy aýratynlygy
bar. Ýer ýüzünde ýaşaýan halklaryň ahlisiniň özüne mahsus bolan milli
lybaslary bolup, olaryň arasynda türkmen halkynyň hem müň bir
öwüşgünli, asyrlara barabar taryhy bolan köýnekdir -donlary,
kürtelerdir-çabytlary, baş gaplar bilen bir hatarda bil guşaklaryň hem
dürli görnüşleri bolupdyr.Türkmen halkynyň geýinmek däbi onuň ýaşaýyş
durmuşy bilen baglanyşyklydyr. Halkymyzyň milli egin-eşikleri bu günki
güne çenli özüniň asyl nusgasyny saklap gelýär. Mary welaýatynyň
taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň sergi zallarynda sergilenýän
eksponat birlikleriniň her birisiniň öz ykbaly, öz taryhy bolup
ata-babalarymyzdan gelýän milli mirasymyz barada gürrüň bermäge esas
berýän taryhy gymmatlykdyr. Türkmen halkynyň medeni mirasynyň şeýle
janypkeşlik bilen ýygnalmagy muzeý gaznasynyň baýlaşmagyna getirýär we
taryhy gymmatlyklaryň parhsyz ýitip gitmeginiň öňüni alýar. Milli
mirasymyzy toplamakda her bir türkmen raýatynyň gatnaşmagyny gazanmak
zerurdyr. Muzeý işleriniň biri hem obalardyr- etraplara iş saparlaryny
gurnamak, bar bolan belli- belli senetçiler bilen, ýaşullar, kümüş
saçly eneler bilen duşuşyklary gurnamak, gyzykly maglumatlary
toplamakdyr. Ine, şeýle gurnalýan iş saparlaryň birinde nesibämiz
çekip Mary etrabynyň „Altyn asyr“ daýhan birleşiginiň ýaşaýjylary
bilen duşuşyk guradyk we obanyň ýaşaýjysy 1931-njy ýylda doglan
Allaýewa Nurgözel ejäniň mamasyndan galan ýüň guşagyny wesýet edişi
ýaly onuň nebereleri muzeýe sowgat berdiler„Türkmen her bir işe
başlamazdan öň bilini berk guşar, onsoň onuň almajak galasy ýokdyr“
diýip gürrüňe başlady „bu guşagyň taryhy diýseň tasindir, sebäbi muny
dokan aýal meniň mamam, özüniň golaklygyna garamazdan bu işe erjellik
bilen ýapyşyp dokapdyr, menem ony gözümiň göreji ýaly şu wagta çenli
sakladym, indem bilimi guşap iş etmäge gurbum çatanok, goý muzeýde
dursun, geljekgi nesillermiz ene-mamalarymyzyň on barmagyndan çykan
işlerini görsünler“-diýip bu bil guşagyny muzeýe sowgat berdi. Howwa,
geýim geýmekde-de, özüňe zynat bermekde-de hiç hili tötänleýin zat
ýok. Ini bir garyş dört barmak, uzynlygy üç metre barabar, öwadan
reňkli nagyşlar bilen bezelen bu bil guşak, bu günki gün biziň
muzeýimiziň tekjesini bezäp, dokmaçylyk senediniň bir görnüşi barada
gürrüň berýär. „Eşiden deň bolmaz gören göz bilen“ diýilişi ýaly
muzeýler hakynda aýdylan gürrüňleri eşdeniňden muzeýe gelip taryhy
gymmatlyklary öz gözüň bilen görseň olar barada gyzykly maglumatlary
diňleseň has hem tasiri uly bolar.
Sene: 03.10.2025ý.