Ýylyň nyşany
Gerb
Parahat hem asuda Türkmenistan döwletimiz bagtly çagalaryň mekany bolup, Gahryman hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň söýgüsi, zähmedi bilen gurşalyp okaýarlar, döredýärler, ýaşaýarlar. Olaryň ýokary derejeli okamagy üçin biziň parahat Watanymyzda ähli mümkinçilikler döredilen. Çagalar dünýäniň ösen tehnologiýasy bilen üpjin edilen okuw mekdeplerinde bilim alýarlar. Mary welaýat Taryhy we Ülkäni öwreniş muzeýinde hem döwletimizde bellenip geçilýän ,, Halkara çagalary goramagyň güni’’ mynasybetli, muzeýiň wagytlaýyn sergi zalynda ,, Türkmenistan – Bagtyýar çagalaryň mekany’’ atly sergi gurnalyp, onuň açylyş dabarasy boldy. Bu açylyş dabara mekdep ýaşlary şeýle-de çagalar bagynyň körpeleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Olara sergide goýlan gymmatlyklar bara-da gyzykly gürrüňler berildi. Sergide görkezilen gymmatlyklarda milli öwüşginleriň berilmegi, olaryň nepisligi, gözelligi , ulanylyşy dogrysyndaky maglumatlar olarda uly gyzyklanma döretdi. Çagalar muzeýiň beýleki zallaryna hem uly höwes bilen gezelenç etdiler. Watanmyzyň gözel tebigaty hakynda hem dürli maglumatlar berildi. Watanmyzyň geljekki ýaşlarynyň döwletimize wepaly, öňdengörüji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Serginiň açylyş dabarasy uly şowhun, şatlyga beslenip geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly Prezidentimiz,, Ýaşlar Watanmyzyň Daýanjy’’ diýip, bellemegi, ýaşlarda uly ruhubelentlik höwesini oýarýar. Türkmen halkynyň hak hossary Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, işleri rowaç bolsun!
Author: Gurbanjumaýewa D.
Sene: 01.06.2026ý.