Wideomaslahat

2021-nji ýylyň 15-nji fewralynda 2021-nji ýylda „Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň muzeý işgärleriniň arasynda sanly ulgam arkaly usuly maslahat geçirildi. Maslahatda türkmeniň geçmiş taryhyny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly saklamak we goramak, sergilemek, halka wagyz etmek, muzeý gymmatlyklarymyzyň üsti bilen ýaş neslimizde Watana, türkmeniň şöhratly taryhyna söýgi we buýsanç döretmek işlerinde muzeýleriň önünde duran wezipeleri, şeýle-de muzeý işlerini sanly ulgama geçirmek barada gürrüň edildi.