01.04.2023

ХVIII-ХIХ asyrlarda türkmenleriň geýen egin-eşikleri köplenç ýagdaýda öý hojalygynda öndürilýän matadan tikilipdir. Haly dokamak bilen bir hatarda türkmen aýal-gyzlary ýüpekden, pagtadan, ýüňden dürli matalar dokapdyrlar. Türkmen gelin-gyzlary gündelik geýmek üçin öýde taýýarlanylýan nah we ýarym ýüpek, gülgüne, mawy reňkde, gözenek çyzykly alaça mata ulanypdyrlar. Baýramçylyk we toý köýnekleri dürli hilli ýüpek matadan tikipdirler, emma birinji ýerde ýerli halkyň dokaýan ýüpek gyrmyzy ketenisi bolupdyr.Ýüpekden keteni, sowsany, gyrmyzy donluk, çepbetow, ala tow ýaly matalar we nagyşly gyňaçlyklar dokapdyrlar.

×

01.04.2023