Keçe sungaty türkmeniň sungat daragtynyň beýleki şahalary ýaly gadymy sungatdyr. Türkmen keçesi halkymyzyň baý milli mirasy we baýlygydyr. Keçe sungatynyň taryhynyň çuňlugy ýaly, onuň ýasalyş usuly-da diýseň çylşyrymly, täsindir. Keçe sungaty yzygiderli, köp zähmeti talap edýän inçe senet bolup, her halkyň özüniň ony bejeriş we nagyş bilen bezeýiş usuly bardyr, emma onuň çig maly ähli ýerde deň bolup, ol bolsa ýüňdendir.