Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi

Saglyk özüňden başlanýar

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher Geňeşi bilen bilelikde Mary welaýat sagaldyş merkeziniň lukmanlarynyň gatnaşmagynda dümewiň öňüni almak barasynda wagyz işleri geçirildi. Adamy we onuň saglygyny döwletiň hem jemgyýetiň baş gymmatlygy diýip yglan eden hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň saglygy hakda gije-gündiz alada edýär. Ýurt baştutanymyzyň lukmançylyk ylmyna aýratyn üns bermegi uly mana eýe bolup, ol ýurdumyzda sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir. Hut şonuň üçin hem sagdyn jemgyýetimizde sagdyn adamlaryň ýaşaýandygy bizi diýseň guwandyrýar. Ýurdumyzda saglygyň berk goraglylygyny üpjün etmekde, gündelik ýerine ýetirilmeli arassaçylyk kadalaryny üpjün etmek her bir watan raýatynyň saglygynyň we sagdynlygynyň girewidir. Şeýle edilmeginiň özi ýiti respirator keselleriň öňüni almaga, bedende oňa bolan durnuklylygy döretmäge oňyn täsir edýär.

×

Работы по реставрации средневековой керамики