2020-nji “Türkmenistan – Bitaraplagyň mekany” ýylynda Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri welaýatymyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde dürli temalarda göçme sergileri gurnadylar. Şeýle sergileriň biri hem Yo. Hummaýew adyndaky sazçylyk mekdebinde “Türkmen zenanlarynyň bezeg şaý – sepleri “ diýen temada gurnalyp, olaryň taryhy ähmiýeti barada gyzykly gürrüňler berildi.