2022-nji ýylyň noýabr aýynyň 28-ne Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri tarapyndan Mary welaýatynyň H.Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebinde Goçme sergi gurnaldy. Gurnalýan sergiler türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenmäge we halk köpçüligine ýetirmäge mümkinçilik döredilip, ýaş nesilleri ata-babalarmyzyň ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary bilen giňişleýin tanyşdyrmaga mümkinçilikleri döredýär.