Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi

17.02.2020ý

„Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany“ ýylynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady özgertmeleri milli medeniýetimiziň ösmegine, türkmen halkynyň taryhy we ruhy mirasyny bütin dünýäde wagyz etmek işlerini güýçlendirmäge hem-de döwletleriň arasynda medeni we ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ýardam berýär. 2020-nji ýylyň 14-18-i aralygynda Russiýanyň Ylymlar Akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň (Nowosibirsk) uly ylmy işgäri, taryhy ylymlaryň kandidaty Swetlana Şnaýder Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bolup muzeýiň ylmy işgärleri bilen arheologiýa gaznasynda saklanylýan Jeýtun medeniýetiniň we Gadymy Margiananyň çakmak daşdan we süňden ýasalan peýkam uçlaryny öwrendiler. Bu işler muzeýiň ylmy işgärleriň arasyndaky ikitaraplaýyn tejribe alyşmaga uly ýardam berýär.

×

Работы по реставрации средневековой керамики