Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň wagytlaýyn sergi zalynda “Bitaraplyk – parahatçylykly ösüşleriň gözbaşy” atly sergi açyldy. Bu sergide orta asyrlara degişli bolan keramiki gap-gaçlar, keramiki burunç önümler, arhitektura bezegler we türkmen halkyna mahsus bolan şaý-sepler, amaly-haşam eserleri sergide giňden görkezildi.