SERGI

Häzirki taryhy döwürde türkmen alymlaryň öňunde gazuw-agtaryş işlerini geçirmekde uly mümkincilikler açyldy. Türkmenistanda geçirilýän bu barlag işlerinin öňi bilen ylmy ähmiýeti bardyr. Olar taryhyň ýitirilen sahypalaryny tapyp, subutnamalary we faktlary düzmek arkaly köp müňýyllyklaryň dowamynda özüniň etniki we taryhy bitewiligini, däp-dessurlaryny, medeni özboluşlylygyny saklan biziň gadymy halkymyzyň taryhynyň bir bitewi beýanyny düzýär. 2019-njy ýylyň 4-nji dekabrynda Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Mary welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän Uly Gyzgala, Abdyllahangala, Dandanadan taryhy-arheologik ýadygärliklerinde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylar tapyndylaryň muzeýiň gaznalaryna tabşyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň, ýagny „Gadymy Merw“ medeni-taryhy goraghanasynyň hünärmenleri, bilim we medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyplar gatnaşdylar. Dabaranyň meýilnamasyna laýyklykda muzeýde täze arheologik eksponatlaryň sergisi taýýarlanyldy. Muzeýiň gaznalaryna 246 sany predmet geçirildi, olaryň arasynda syrçaly keramikanyň ajaýyp nusgalary, dürli nagyşlar bilen bezelen bürünç önümleri, pullar, bezegler bar. Dabara gatnaşyjylara milli taryhy-medeni mirasy goramak we wagyz etmek, ýadygarlikleri dikeltmek, ýurdumyzyň çäginde arheologik barlaglary geçirmek boýunca yzygiderli alnyp barylýan işler barada gürrüň berýän wideorolik görkezildi. Dabaranyň dowamynda muzeýiň ylmy işgärleriniň we „Gadymy Merw“ medeni-taryhy goraghanasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda „tegelek stol“ geçirildi.

×

SERGI

×

SERGI

×

SERGI

×

SERGI