13.08.2022

Geçmişde türkmen halkynyň alyp barýan öý hojalyk işlerinde, oba ýerlerinde dokmaçylyk işi giňden ýaýran esasy işleriň biri bolupdyr. Dokma önümleri bilen durmuşda ulanylýan ähli zatlary,ýagny matalary, halydyr, palaslary, çuwallary, torbalary, saçakdyr, öýüň ownuk –uşak goşlaryny, geýim-gejimlerini dokapdyrlar. Olary esasan hem haly, “Tara” we ,,Gozak” dokma gurallarynda dokapdyrlar . “Gozak” dokma guralynda düýe ýüňünden çäkmelik, saçaklyk, owadan ýyly guşaklyk we palas, horjun, torbayr- çuwallar we başga önümler dokapdyrlar.