2022-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri Türkmen Döwlet Energetika institutynda geçirlen ,,Täze eýýamyň üme dessury” atly aýdym –sazly çärede ,,Milli mirasa belent sarpa” atly göçme sergini gurnadylar. Sergide ata- babalarymyzyň miras galdyran maddy gymmatlyklary bolan şaý-sepler, dokma önümleri, keşdeler görkezildi.