Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi

„Türkmen milli egin-eşikleri“ atly taryhy sapak geçirildi

2020-nji ýylyň 22-nji fewralynda Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri Mary şäheriniň 25-nji orta mekdebinde bolup, bu ýerde „Türkmen milli egin-eşikleri“ atly taryhy sapak geçirdiler. Sapakda muzeýiň hünärmenleri çagalara türkmen halkynyň medeniýetiniň aýrylmaz bir býlegi bolan türlmen milli egin-eşikleriniň we şaý sepleriniň dürli görnüşleri barada gyzykly gürrüň berdiler. Türkmen milli egin-eşikleriniň biçilip tikilişi, ýerli howa şertlerine laýyklykda ýerine ýetirilip, asyrlaryň dowamynda üytgemän gelipdir. Türkmen zenanlary dürli matalary elde dokapdyrlar: keteni, gyrmyzy donluk, sowsany, sary tagta. Olaryň arasynda has giňden ýaýrany gyzyl, ýaşyl, benewşe öwüşgünli keteni matalardyr. Keteni matasyndan gelin-gyzlaryň köýneklerini, erkek adamlaryň köýneklerini seyle-de zenanlaryň başatgyçlary bolan çyrpylar we kürteler tikipdirler. Gyrmyzy donluk matasyndan bolsa erkek adamlaryň donlary tikilipdir. Gyzyl renkli keteni matadan ýaş gyz-gelinleriň köýnekleri tikilipdir. Goýy benewşe keteni matasyndan bolsa, uly ýaşly aýallara köýnekler tikilipdir. Köýnekleriň ýakalary keşde-nagyşlar bilen bezelipdir. Altyn-kümüş şaý-sepleri köklerini uzak geçmişden alyp gaýdýan türkmen milli medeniýetiň aýrylmaz bölegidir. Türkmen zergärleriniň işleriniň özboluşlylygy we täsinligi ol önümleri dünýä möçberindäki zergärçilik sungatynyň ajaýyp nusgalarynyň derejesine ýetirýär. Türkmen şaý-sepleriniň 70-e golaý görnüşi bar bolsa, olaryň köpüsi aýal-gyzlar üçin niýetlenendir. Zenanlaryň başatgyçlary bolan ýaşyl çyrpy, sary çyrpy, ak çyrpy, ýaşyl kürte, gyzyl kürte we beýlekiler has köp we owadan nagyşlar bilen bezelipdir. Zenanlaryň kellesine daňýan gyňaçlary hem gaýma nagyşlary bilen örtülendir. Başgaplar bolan tahýalar we börükler tutuşlygyna keşdelenipdir. Erkek adamlaryň egin-eşikleri hem has ýönekeý we sada nagyşlar bilen bezelipdir.

×

Работы по реставрации средневековой керамики

×

Работы по реставрации средневековой керамики

×

Работы по реставрации средневековой керамики

×

Работы по реставрации средневековой керамики

×

Работы по реставрации средневековой керамики

×

Работы по реставрации средневековой керамики